Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Aktiwistler protestçileri goramak üçin pul ýygnaýarlar


Gullukdaky esgerleriň heläkçiligine garşy demonstrasiýa, Baku,12-nji ýanwar, 2013.
Gullukdaky esgerleriň heläkçiligine garşy demonstrasiýa, Baku,12-nji ýanwar, 2013.
Azerbaýjanda aktiwistler, köpçülikleýin ýygnanyşyklar bilen baglanyşykly täze kanunyň netijesinde ýüzlerçe dollar jerime salnan protestçileri goldamak maksady bilen, pul ýygnamak kampaniýasyna başladylar.

Bakuwda ýerleşýän “Ýaş hereket “ atly inisiatiwa topary şol pullary resmilere bäş köpüklik görnüşinde bermegi planlaşdyrýar. Azerbaýjanyň pul birligine görä 100 köpük 1 manada deň.

Gullukdaky esgerleriň heläkçiligi bilen bagly meselä ünsi çekmek üçin 12-nji ýanwarda Bakuwda demonstrasiýalar geçirilipdi. Şol demonstrasiýalara gatnaşan 21 adama 14-nji ýanwarda jerime salyndy. Häzirki wagtda olaryň hersi 380 bilen 760 amerikan dollary aralygynda jerime tölemeli edildiler.

Azerbaýjanda ortaça aýlyk 400 amerikan dollaryna barabar.

Jerime salnan adamlaryň aklawçysy Esabeli Mustafaýewiň aýtmagyna görä, onuň müşderileriniň bu möçberdäki jerimäni tölemäge ýagdaýlary ýok: “Biz suduň çykaran kararynyň üstünden hemme sudlara, şol sanda Ýewropa sudunyň Ynsan hukuklary bölümine hem şikaýat etjek. Bu adamlaryň salnan şol jerimäni tölemäge gurplary çatanok. Kanuna görä, käbir ýagdaýlarda salnan bu jerime köpçülik işlerine ýa-da administratiw tussaglyga çalşylmalydyr”.

“Ýaş hereket“ toparynyň aktiwistleri özleriniň Facebook sahypasynda “Bäş köpük jerime” atly pul ýygnamak kampaniýasy barada maglumat berýär.

Aktiwistler jemi möçberi 13400 dollar bolan jerimäni bäş köpüklikden tölemegi, agzalýan protestçileriň şikaýatlary kanagatlandyrylman, jezalarynyň tassyklanan halatynda planlaşdyrýarlar.

Bu kampaniýa “Men bäş köpük bermäge taýýar. Bu diňlenişigiň bahasy bäş köpük” atly şygar astynda geçirilip, oňa gatnaşmak isleýänler öz goşantlaryny guramaçylaryň Bakuwdaky edarasyna tabşyrmagyna çagyrylýar.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, olar sişenbe güni öýländen bäri takmynan 150 amerikan dollary möçberinde pul ýygnapdyrlar.

Şol 21 adam, Azerbaýjanda 1-nji ýanwardan başlap güýje giren köpçülikleýin ýygnanyşyklar baradaky kanuna görä, pul jerimesi salnan ilkinji raýatlar boldy.
Täze kanun taslamasy rugsatsyz mitingleri gurnaýanlar ýa-da olara gatnaşýanlar üçin salynýan pul jerimesini ozalkysyndan 30 esse artdyrdy. Salynýan şol jerimeleriň iň uly möçberdäkisi bolsa 3800 amerikan dollaryna barabardyr.

Şol 21 adam şenbe güni Bakuwyň “Fontan” meýdançasynda geçirilen demonstrasiýalara gatnaşypdylar. Ol demonstrasiýada köpçülik ýurduň harby güýçlerinde ”dedowşinanyň”, ýagny öňden gulluk edip ýörenleriň täze gulluga gelenlere sütem etmekleriniň we kemsitmegiň barha artýandygyny aýdyp, goranmak ministri Safar Abiýewi öz wezipesini terk etmäge çagyrdy.

Demonstrasiýa “Ýaş hereket” toparynyň agzalary we beýleki aktiwistler tarapyndan internet arkaly guramalaşdyryldy. Bu waka harby gulluga alnan Jeýhun Kubadowyň geçen hepde duýdansyz öldürilmeginiň yz ýany amala aşyryldy.

Harbylar başda Kubadowyň ýürek keselinden ölendigini aýtdylar. Ýöne Kubadowyň dogan-garyndaşlary onuň bedeninde zorluklaryň we urgularyň yzlarynyň bardygyny görkezýän suratlary neşir edenden soňra, häkimiýetler onuň ölüminiň sebäplerini anyklamak boýunça derňewlere başladylar.

Şeýle-de, aktiwistler prezident Ylham Aliýewi harby gulluga alynýan adamlaryň ýurduň goşun bölümlerinde duçar bolýan kynçylyklarynyň öňüni almaga çagyryp, onuň adyna ýazylan açyk hata gol toplamak çäresini-de ýola goýdular.
XS
SM
MD
LG