Şenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Müsüriň hökümetiniň geçen hepde iki sany siriýaly bosguny bikanun ýagdaýda yzlaryna, Siriýa ýollandygyny aýdyp, muňa alada bildirýändigini mälim etdi.
Şeýle hem, bu barada ýaýradan beýanatynda Human Rights Watch guramasy Siriýadaky bosgunlar lagerinden gaçyp gelen iki sany palestinalynyň-da Müsürden deportasiýa edilmek howpy astyndadygyny belläpdir.
Bu guramanyň bosgunlar baradaky programmasynyň direktory Bil Frelik halkara şertnamalaryna laýyklykda, öz kanuny statuslarynyň nähilidigine garamazdan, raýatlaryň öz janlaryna howp abanýan ýerlerine mejbury ugradylmaly däldiklerini nygtady.
Ol bu meselede Müsüriň häkimiýetleriniň hereketleriniň halkara kanunlaryna garşy gelýändigini belledi.