Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Awstriýa hökmany gullugy ýatyrmak boýunça referendum geçirýär


Ýekşenbe güni Awstriýada hökmany goşun gullugyny ýatyryp, meýletin professional harby gulluga geçmek meselesi boýunça ähliumumy referendum geçirilýär.

Häzirki wagt hökmany goşun gullugyna çagyrylýan raýatlar Awstriýanyň 35 müňlük goşunynyň 60 prosentini ybarat edýär. Hökmany gulluga çagyrylýan bu raýatlar goşunda alty aý gulluk edýärler.

Hökmany gulluga gatnaşmak islemeýän raýatlar dokuz aý jemgyýetçilik hyzmatlarynda işlemeklige borçly edilýär.

Awstriýa Ýewropa Bileleşiginde hökmany harby gulluk düzgünini ulanyp gelýän örän az sanly ýurtlardan biri.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG