Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan: Zorlanyp öldürilen gyzyň kakasy ölüm jezasyny soraýar


Hindistanda awtobusyň içinde jynsy zorluklara sezewar edilip, soňundan hem aradan çykan gyzyň kakasy, muny amala aşyranlaryň jezalandyrylyp öldürilmegine çagyryş etdi.

Bu iş boýunça boýunça sud diňlenşigi duşenbe güni başlanýar.

Aradan çykan gyzyň kakasy: “Bu elhençlikleri amala aşyran hiç bir adamyň ýaşamaga haky ýokdur” diýip AFP habar agentligine aýtdy. Onuň doly ady, käbir kanuny esaslara görä aýan edilmeýär.

Bäş adam Nýu-Deli şäherinde awtobusyň içinde 23 ýaşly gyzy zorlamakda aýyplanýar. Olara adam öldürmek, jynsy zorluk, ogurlyk, adam gaçyrmak ýaly aýyplamalar ýöňkelýär.

Bu iş boýunça aýyplanýan altynjy adam üçin aýratyn sud diňlenşigi geçiriler. Onuň 17-i ýaşyndadygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG