Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama prezidentlik kasamyny edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama inaugurasiýa dabarasynda, Waşington, 21-nji ýanwar, 2013.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama inaugurasiýa dabarasynda, Waşington, 21-nji ýanwar, 2013.
Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasy boýunça prezidentiň möhleti 20-nji ýanwarda öýlän tamamlanýar. Şol kanuna laýyklykda prezident Barak Obama ýekşenbe güni öýleden öň Ýokary suduň baş sudýasy Jon Robertsiň öňünde prezidentlik kasamyny etdi.

Ol: "Men Barak Hussein Obama Birleşen Ştatlaryň prezidentlik wezipesini sadyklyk bilen ýerine ýetirmek, Birleşen Ştatlaryň konstitusiýasyny gorap saklamak we goldamak üçin ähli başarnygymy sarp etjekdigime kasam edýärin. Hudaý maňa kömek etsin!" diýdi.

Inaugurasiýa dabarasy

2008-nji ýylda Obamanyň wezipesine başlamagy mynasybetli geçirilen dabara 1.8 milliona golaý adam gatnaşypdy. Şonda çykyş eden belli aýdymçy Beýons bu gezek-de jemgyýetçiligiň öňünde geçjek dabara gatnaşar.

Bu dabara 600 müň bilen 800 müň adam geler diýlip çaklanylýar.

Prezidente öz işinde üstünlikleri arzuw edip, oňa ak pata beren – graždanlyk hukuklary ugrunda alnyp barlan hereketlere ýolbaşçylyk edenligi üçin öldürilen Medgar Ewersiň aýaly 79 ýaşly Merlie Ewers-Williams bolar. Bu ABŞ-nyň taryhynda bu işiň ilkinji gezek aýal adam tarapyndan edildigi bolar.

Obamanyň kasam edişlik dabarsyna öňki prezidentler Bill Klinton bilen Jimmi Karter-de gatnaşarlar. Öňki prezidentler Jorj H.W. Buş bilen onuň ogly Jorj W. Buş saglyk meselesi zerarly özleriniň kasam edişlige gelip bilmejekdiklerini aýtdylar.

Waşingtonda häzir baýramçylyk atmosferasy höküm sürýär. Kapitoliniň töweregi we parad geçjek köçeler baýdaklar bilen bezelen. Ýöne berk howpsuzlyk çäreleri hem görlüpdir. Köçelerde müňlerçe howpsuzlyk güýçlerine degişli adamlar göze ilýär.

Uly protestler bolar diýip pikir edilenok. Ýöne demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyran kiçeňräk toparlar hem bar.
XS
SM
MD
LG