Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alžir: Zamun krizisinde 37 daşary ýurtlynyň öldürilendigi aýdylýar


Alžiriň premýer-ministri Abdelmalik Sellal ýurduň gündogaryndaky gaz kärhanasynda jeňçileriň onlarça adamy zamun almagy bilen dörän dört günlük gapma-garşylykda sekiz ýurtdan 37 daşary ýurtlynyň öldürilendigini aýtdy.

Sellal duşenbe güni bolan metbugat ýygnagynda ýene-de ýedi daşary ýurtlynyň tapylmaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Amenas gaz zawodyna hüjüm eden 32 jeňçiniň hemmesiniň goňşy Maliden, fransuz we mali goşunlarynyň yslamçy jeňçiler bilen söweşýän ýerinden gelendigini aýtdy.

Ýöne Sellal jeňçileriň arasynda Müsüriň, Nigeriň, Mawritaniýanyň, Tünisiň, Maliniň raýatlarynyň bardygyny, olaryň içinde bir Kanada raýatynyň hem bolandygyny habar berdi. Ol 29 jeňçiniň öldürilendigini, üçüsiniň ýesir alnandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG