Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alym Timbuktunyň gadymy mirasyna abanýan howp barada


Timbuktunyň gadymy yslam golýazmalary
Timbuktunyň gadymy yslam golýazmalary
Timbuktudaky gadymy yslam golýazmalarynyň gozgalaňçylar tarapyndan dargadylandygy baradaky maglumatlar boýunça Azatlyk Radiosy Keýp Town uniwersitetiniň Timbuktu golýazmalary proýektiniň alymy Maura Nobili bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Malide Timbuktunyň yslama degişli golýazmalarynyň dargadylandygy aýdylýar. Bu barada size maglumat gowuşdymy?

Bir adam Ahmed Baba merkezinde ýanan gadymy golýazmalary saýlaýar. Mali. 29-njy ýanwar, 2013 ý.
Bir adam Ahmed Baba merkezinde ýanan gadymy golýazmalary saýlaýar. Mali. 29-njy ýanwar, 2013 ý.
Maura Nobili: Bu habarlar entek tassyklananok. Timbuktudan gelýän suratlary gördük. Ýöne sekiz gün bäri Timbuktu bilen arabaglanyşyk ýok. Dargadylandygy aýdylýan Ahmed Baba institutynyň alymlaryndan durýan bir topar häzir Bamakoda.

Olar bilen gürleşip bildik. Ýöne Timbuktuda bolan zatlardan olaryň habary ýok. Biz käbir dokumentleriň dargadylandygyny görkezýän suratlary gördük. Ýöne ol ýerde işleýänleriň arasynda [binanyň] içine girip, ýeten zyýanlary öz gözi bilen görendigini habar beren adam entek ýok.

Gowuşýan habarlar gapma-garşylykly. Araky habarlarda golýazmalar ýakyldy diýip okadyk. Bu gün bolsa ýerli habarlarda golýazmalaryň köpüsiniň [bu ylmy] merkezden çykarylandygy aýdylýar. Ýagdaý gaty garym-gatym.

Azatlyk Radiosy: Gadymy ýygyndy dargadyldy diýen habary köp adamlar pajyga diýip atlandyrdylar. Timbuktuda näme zatlar bardy, bu ýitgileriň zyýany näderejede bolar?

Maura Nobili: Golýazmalaryň dargadylandygy barada bize maglumat gelip gowuşsa, onda bu Günbatar Afrikanyň taryhynyň uly böleginiň ýok edildigi bolar. Ahmed Baba institutynda iň azyndan 20 müň gadymy golýazma saklanýar ýa-da saklanýardy.

Bu hem soňky çaklamalar boýunça tutuş Timbuktu regionyndaky dokumentleriň bäşden biri. Bu tassyklansa, elbetde, bir betbagtçylyk. Diňe sanlyja golýazmanyň takyk senesi bar. Olaryň köpüsi entek syýa we kagyz taýdan analiz edilenok.

Şol sebäpden olaryň senesini dogry kesgitlemek aňsat däl. Ýöne käbir adamlar bu golýazmalaryň 14-nji, 15-nji, hatda 13-nji asyra hem degişlidigini aýdýarlar. Ýöne senesi anyklananlar 17-nji, 18-nji asyrdan aňry geçenok.

Azatlyk Radiosy: Size gelip gowşan maglumatlarda gozgalaňçylaryň Gurhanyň tekstlerini-de dargadandygy aýdylýarmy?

Maura Nobili: Ak ýürekden aýdýaryn, bu bir bolgusyz zat. Gozgalaňçylaryň garaýşyna gabat gelmeýän, mysal üçin, sufizm ýaly zatlar baradaky dokumentleriň bolmagy mümkin. Ýöne olaryň Gurhany, hatda Ahmed Baba institutynda saklanýan edebiýatyň uly bölegini-de ýakmagy ähtimal däl.

Meniň bilşime görä, bu söweşiji toparlaryň Timbuktuda gadymy ýerleri ilkinji gezek nyşana alşy. Hatda Timbuktuny basyp alan Ansar Dine hem özleriniň bu golýazmalary saklaýandyklaryny görkezip, suratlary ýaýratdy.

Azatlyk Radiosy: Malili gozgalaňçylar gadymy Timbuktu ýygyndylaryndan başga haýsy medeni miras ýerlerini nyşana aldylar? Afrikada yslamyň medeni mekanlarynyň dargadylan başga ýurtlary barmy?

Maura Nobili: Timbuktuda köp sanly sopy mazarlary dargadyldy. Malide gozgalaňçylar ýeňiş gazanandan soň, Timbuktuda keramatly adamlaryň mukaddes mekanlarynyň ençemesi dargadyldy. Somalide hem ekstremistler şular ýaly hadysalary we problemalary döretdiler.

Kaddafi çökensoň, Liwiýada-da şeýle boldy. Tunisde hem mazarlary dargatmak barada synanyşyklar edildi. Hemme ýerde salafizme eýerýän hereketler bara meňzeýär. Dargadylma howpy köplenç mazarlara abanýar.

Bu mazarlar yslamyň mukaddes şahsyýetlerine degişli. Ýerli halk bulara zyýarat edip, olary tüýs ýürekden hormatlaýar. Fundamentalistleriň hem problemasy şol. Olaryň garaýşyça, mukaddes şahsyýetleriň hormatlanmagy adamlaryň ünsüni Hudaýy hormatlamakdan sowýar.
XS
SM
MD
LG