Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Daşary ýurt firmalaryndaky hak we haksyzlyk


Aşgabatdaky gurluşyk obýekti
Aşgabatdaky gurluşyk obýekti
Ýurt içinden gelip gowuşýan habarlarda, hususan-da özüni “Sada Watandaş” atlandyran diňleýjimiziň hatynda Türkmenistandaky daşary ýurt firmalarynda işleýän ýerli işçileriň hak-hukuklarynyň gödek basgylanýandygy, olaryň hepdede 40 sagada derek 54, 60 sagat işledilýän halatlarynyň hem bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele baradaky pikirler bilen gyzyklanyp, ýörite forum geçirdi we oňa gelen seslenmeleriň aglabasynda Türkmenistandaky daşary ýurt firmalarynda işleýän ýerli işçileriň ýagdaýynyň o diýen öwerlik däldigi tassyk bolýar.

Dogrusy, Türkmenistandaky daşary ýurt firmalarnda işleýän ýerli işçileriň hak-hukuklary barada Azatlyk Radiosy ozal, S.Nyýazowyň prezidentlik edýän wagtynda hem gepleşik beripdi.

Netijede, bu ýagdaý häkimiýetleriň ýerli işçilere tölenýän aýlyklary düzgünleşdirmek, bu ugurda kanunçylygy berjaý ýetmek barada görkezme bermegine hem getiren ýaly bolupdy.

Emma soňky gowuşýan habarlar bu meselede entek uly bir ilerlemäniň bolmandygyny aňldaýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky daşary ýurt firmalarynda işleýän ýerli işçileriň hak-hukuklary baradaky “Tegelek stol” söhbetdeşligine Türkmenistandan ýerli synçylar Amanmyrat Bugaýew, Nurberdi Nurmämmedow, Şwesiýadan türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow gatnaşýar.

Ony diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG