Iki serbiýaly çaga Mitrowisa şäherindäki öýleriniň daşynda el granatynyň ýarylmagy netijesinde ýaralanypdyrlar. Bu barada Kosowanyň ýolbaşçylary habar berýär. Agzalýan şäher serbiýalylar bilen etniki albanlaryň arasynda ikä bölünendir.
Resmileriň aýtmagyna görä, üç ýaşyndaky oglan we takmynan on ýaşlaryndaky bir gyz häzirki wagtda keselhanada bejergi alýar.
Polisiýanyň maglumatyna laýyklykda, partlama el granaty sebäp bolupdyr. Bu hüjümiň etniki sebäpleriň esasynda amala aşyrylandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok. Bu ýekşenbe gününden bäri Mitrowisada amala aşyrylan üçünji partlama boldy.
Mundan ozalky partlamada hiç kime zyýan ýetmändi. Serb hökümeti ýaly, Kosowanyň demirgazygyndaky ençeme serbler, 2008-nji ýylda Kosowa tarapyndan yglan edilen Alban etnik azlygynyň garaşsyzlygyny ret edýärler.

Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.