Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jylyköl türkmenleriniň ýazylmadyk kanunlary


Jylyköl etraby. 2012 ý.
Jylyköl etraby. 2012 ý.

Täjigistanyň Jylyköl etrabynyň resmi häkimiýetleri täjik okuw kitaplaryny türkmen diline terjime etmek üçin pul serişdesini berdi.

Jylyköl etrabynyň häkiminiň orunbasary Mehrinniso Nasrullaýewa şu wagt etrabyň mekdeplerinde okaýan iki müňden gowrak türkmen okuwçylarynyň öz ene dilinde okamaklary üçin okuw kitaplarynyň ýokdugyny aýdýar.

Onuň sözlerinden çen tutulsa, etnik türkmenlerden ybarat bolan ýerli mugallymlardan, täjik okuw kitaplaryny türkmen diline terjime etmek üçin ýörite iş topary döredildi we ol topar öz işine başlady. Döredilen topar eýýäm üç okuw kitabyny terjime edip, çapa taýýarlady.

“Biz 1-nji klasdan 11-nji klasa çenli ähli okuw edebiýatyny terjime ederis. Bu iş üçin etnik türkmenlerden bolan iň gowy mugallymlar toplandy we olaryň arasynda iki sany ylymlaryň kandidaty hem bar. Biz terjime edýän mugallymlaryň galam hakyny töleýäris, Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy bolsa, okuw kitaplarynyň Türkmenistandaky çaphanalarda çap edilmegini maliýeleşdirýär” diýip, Nasrullaýewa belledi.

Täjigistanyň iň uly türkmen jemgyýeti, 20 müňden gowrak türkmen, Hatlon welaýatynyň Jylyköl etrabynda ýaşaýar.

Şu güne çenli Jylyköl etrabynda türkmen çagalary üçin ýedi sany mekdep işleýärdi. Ýöne mekdep resmilerine we çagalaryň ene-atalaryna soňky ýyllarda türkmen dilindäki okuw kitaplarynyň ýetmezçilik etmegi uly alada bolup geldi.

Jylyköl etrabynyň Ergaş Sultanow oba geňeşliginiň ýaşaýjysy, etnik türkmen Töre Jumaýew, Türkmenistanda latyn elipbiýine geçilenligini we munuň Täjigistanyň türkmen çagalary üçin kynçylyk döredýändigini, şonuň üçin Türkmenistandan okuw kitaplaryny getirmeklik bilen problemanyň doly çözülmejekdigini aýdýar.

Türkmen diasporasynyň wekilleri täjik hökümetine türkmen dilindäki okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi babatyndaky problemanyň çözülmegini haýyş edip, ýüz tutdular. Sebäbi Täjigistanyň kanununlary etnik azlyklara öz ene dillerini ulanmaga we ony gorap saklamaga kepil geçýär.

Türkmenistanyň ilçihanasy

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasynyň bellemegine görä, türkmen hökümeti Jylyköl etrabynyň türkmen çagalary üçin 3 müň orunlyk mekdep gurmagy planlaşdyrýar. Meşhur klassyk türkmen şahyry Magtymgulynyň heýkeli bilen bezeljek mekdebiň gurluşygy eýýäm şu ýylyň fewral aýynda başlanýar.

Türkmenistanyň ilçihanasy mekdebiň gurluşygyny maliýeleşdirmek bilen bir hatarda, bu täze mekdebi türkmen dilinde bilim berjek mugallym kadrlary bilen üpjün etmegi-de öz üstüne aldy.

Türkmen dilindäki okuw kitaplarynyň we türkmençe okadýan mugallymlaryň ýetmezçiligi, köp ene-atalary öz çagalaryny täjik mekdeplerine bermäge mejbur etdi. Mundan başga-da, respublikanyň çäginde türkmenler üçin mekdebi gutaransoň, okuwyny türkmen dilinde dowam etdirmekleri üçin ýokary okuw jaýlary-da ýok.

Ýöne Jylyköl etrap häkimliginiň wekili Ruzimat Siýahakow ýerli türkmenleriň öz zähmetsöýerligi we ýokary bilim almaga ymtylyşy bilen tapawutlanýandyklaryny aýdýar. Her ýyl ýerli türkmen mekdepleriniň uçurymlarynyň 80%-i ýokary okuw jaýlaryna okuwa girýär. Jylyköl etrabynyň iň meşhur lukmanlary hem etnik türkmenlerdir.

Türkmenleriň öz ene dilini we däp-dessurlaryny gorap saklamaga çynlakaý üns berýändikleri duýulýar. Türkmenleriň Täjigistanyň territoriýasyna göçüp gelmeginiň 400 ýyllyk taryhy bar.

Olaryň köp bölegi Hatlon welaýatynyň Jylyköl etrabynda ýaşaýar. Ol etrap Duşenbe şäheriniň 160 kilometr günortasynda ýerleşýär we ol ýeriň ýaşaýjylary bagbançylyk, halyçylyk bilen meşgullanýarlar hem-de özleriniň milli däp-dessurlaryny saklamakda meşhurlyk gazandylar. Diňe nar öndürmek boýunça-da Jylyköl etrabynyň türkmenleri tarapyndan 42 daýhan birleşigi döredildi. Olarda bir ýylda onlarça tonna gowy hilli önüm öndürilýär.

Etnik türkmenler özleriniň ýazylmadyk kanunlarynyň bardygyny hem aýdýarlar. Bularyň biri – gelin saýlananda, diňe türkmen gyzyny saýlamakdan ybarat. Jylyköl etrabynyň abraýly zenany Mähri Myradowa ene-atalaryň öz perzentlerine diňe öz milletiniň we dininiň wekillerine öýlenmegi ýa-da durmuşa çykmagy ündeýändiklerini aýdýar.

Jylyköl türkmenleriniň köp böleginiň ýokary bilimlidigine garamazdan, hatda ýerli geňeşlikleriň deputatlarynyň arasyndaky türkmenleri-de häzirlikçe barmak basyp sanaýmaly.
XS
SM
MD
LG