Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Kömür şahtasyndaky partlama magdançylaryň ýoluny petikledi


Orsýetiň demirgazygyndaky Komi regionynda kömür magdanynda bolan partlamadan soň, dokuz magdançy harabanyň aşagynda galandyr öýdüp gorkulýar.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi duşenbe güni irden bolan partlama Workutinskaýa şahtasynyň 22 adamdan ybarat magdançylar toparynyň üstüne çökmegine sebäp boldy diýdi.

Beýanatda dört magdançynyň gaçyp gutulmagy başarandygy aýdylýar. Dokuz adam bolsa, biraz soň halas edijiler tarapyndan ýokaryk çykaryldy.

Deslapky maglumatlara görä, bu partlama metan gazy sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG