Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-ukrain gepleşiklerinde gaz meselesi-de durýar


Prezident G.Berdimuhamedow (çepde) ukrain prezidenti W.Ýanukowiçi Aşgabatda garşy alýar. Aşgabat, 13-nji fewral, 2013.
Prezident G.Berdimuhamedow (çepde) ukrain prezidenti W.Ýanukowiçi Aşgabatda garşy alýar. Aşgabat, 13-nji fewral, 2013.
Çarşenbe güni Aşgabatda ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýokary derejede gepleşikler başlandy.

“Roýter” habar agentligi Aşgabatda başlanan bu gepleşiklerde Ukrainanyň Türkmenistandan tebigy gaz satyn almasyny gaýtadan ýola goýmak meselesi barada-da gürrüň edilýändigini habar berýär.

Ukrainanyň bu ugurdaky tagallalary onuň Orsýetiň gymmat bahadan satýan tebigy gazyna bolan garaşlylygyny azaltmak maksatlary bilen baglanyşdyrylýar.

Ýöne Ukraina bilen Türkmenistanyň bu ugurda geljek islendik ylalaşygy Orsýetiň razylygy bolmazdan çözülmez diýlip garaşylýar. Sebäbi, Türkmenistandan Ukraina akdyryljak gaz Orsýetiň eýeçiligindäki gazgeçirijiden akdyrylmaly.

Prezident Wiktor Ýanukowiç özüniň Türkmenistana saparyndan öň Moskwa bilen tebigy gazyň söwdasy barada gepleşikler geçiripdi. Emma tebigy gazyň bahasy baradaky onuň bu gepleşikleri Ukraina üçin garaşylýan netijeleri bermedi.

Ukrainanyň kynçylyklary

Geçen ýyl Ukraina Orsýetden satyn alýan gazynyň möçberini ur-tut azaltdy. Emma onuň bu çäresi ýagdaýa çözgüt bermedi. Sebäbi Moskwa Ukrainany özara ylalaşygyň düzgünlerine eýermeýänlikde aýyplap, Kiýewden gaz üçin tölenmedik 7 milliard dollar puly talap etdi.

“Roýter” habar agentligi çarşenbe güni prezident Ýanukowiçiň Aşgabatda prezident Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiginden soň eden çykyşynda gaz söwdasy bilen baglanyşykly meseläniň-de gün tertibinde bolandygyny tassyklandygyny aýdýar.

“Roýteriň” maglumatyna görä, Wiktor Ýanukowiç žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “Men Ukrainanyň türkmen gazynyň gaýtadan import edilmegine gyzyklanma bildirýändigini we şu pudakda düýpli hyzmatdaşlyklara taýýardygyny nygtadym” diýipdir.

Gazgeçiriji bilen baglanyşykly mesele barada-da durup geçip, Ýanukowiç “Biziň ýurdumyz tebigy gazyň özümize we Ýewropa eksport edilmegi üçin zerur bolan alternatiw gaz geçirijilerini tapmak meselesinde-de tagallalary birikdermekde ähli mümkçinliklere eýe» diýip, belläpdir.

Öz tebigy gaz zapasy boýunça dünýäde dördünji orunda diýlip hasaplanylýan Türkmenistan 1990-njy ýyllardan 2000-nji ýyllaryň ortalaryna çenli öz tebigy gazyny Orsýetiň truboprowodlary arkaly Ukraina eksportirläp gelipdi.

Emma 2006-njy ýyldan bäri Ukraina özüne zerur bolan tebigy gazy örän gymmat bahadan Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyndan satyn alyp gelýär.
XS
SM
MD
LG