Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň ministrleri et meselesini maslahatlaşýarlar


Çarşenbe güni Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň ministleri Bileleşigiň käbir ýurtlarynda sygyr etiniň ýerine ýaby etiniň satylýandygy bilen bagly ýüze çykan problemany ara alyp maslahatlaşmak üçin Brýusselde duşuşýarlar.

Bu maslahata Ýewropa Bileleşiginiň Saglyk we alyjylar baradaky komissary Tonio Borg ýolbaşçylyk eder.

Bu wakanyň öňýany Britaniýada, Fransiýada, Gollandiýada, Şwesiýada we Şweýsariýada geçirilen barlaglarda sygyr etiniň deregine ýaby etiniň satylýan halatlarynyň üsti açyldy. Şol derňewleriň netijesinde-de köp dükanlarda et önümleriniň satuwy togtadyldy.

Käbir resmiler dükanlarda peýda bolan bu ýaby etleriniň Rumyniýadan iberilen etlerdigini aýdýarlar. Emma Rumyniýanyň häkimiýetleri bu bildirilen aýyplamany ret edýärler.
XS
SM
MD
LG