Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak Obama ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş etdi


Barak Obama Kongresiň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edýär. Waşington, 12-nji fewral, 2013.
Barak Obama Kongresiň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edýär. Waşington, 12-nji fewral, 2013.
Sişenbe güni giçlik Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Kongresiň öňünde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Özüniň bu çykyşynda ol Birleşen Ştatlaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda görülýän çäreler bilen bir hatarda, ýurduň daşary syýasaty bilen bagly meseleler barada-da durup geçdi.

Prezident Obama geljek bir ýylyň dowamynda Owganystandaky amerikan esgerleriniň ýarsyndan gowragynyň, ýagny 34 müň esgeriň bu ýurtdan çykaryljakdygyny, 2014-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa Owganystandaky ähli amerikan harby operasiýalarynyň bes ediljekdigini aýtdy.

Barak Obama özüniň bu ýyllyk çykyşynda Eýranyň döwlet ýolbaşçylaryny ýadro meselesi bilen baglanyşykly konfliktleri diplomatik ýollar bilen çözmeklige-de çagyrdy.
XS
SM
MD
LG