Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidentiniň Türkmenistana sapary dowam edýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (S) we onuň ukrain kärdeşi Wiktor Ýanukowiç Aşgabatda hormat garawulynyň öňünden geçýär. 13-nji fewral, 2013 ý.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (S) we onuň ukrain kärdeşi Wiktor Ýanukowiç Aşgabatda hormat garawulynyň öňünden geçýär. 13-nji fewral, 2013 ý.
Türkmen we ukrain prezidentleri çarşenbe güni Aşgabatda duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri barada maslahat etdiler. Ukrain prizedenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana sapary dowam edýär.

Türkmen metbugaty iki lideriň Aşgabatda ozalky baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi, regional we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri we türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň perspektiwalary hakynda maslahat edendigini ýazýar.

TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident G.Berdimuhamedow ukrain kärdeşi bilen geçiren gepleşiklerinden soň, iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň işjeňleşmeginiň, ozaly bilen, taraplaryň häzirki zamanyň wajyp problemalary babatdaky garaýyşlarynyň umumylygy, pozisiýalarynyň gabat gelmegi ýa-da ýakynlygy bilen baglydygyny nygtapdyr.

Söwda-ykdysadyýet perspektiwalary

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysadyýet partnýorlugy barada aýdylanda bolsa, prezident Berdimuhamedow taraplaryň bu ugurdaky tijeniş üçin uly perspektiwasynyň bardygyny belläpdir.

Bu meselede nebit-gaz, transport, şäher gurluşygy pudaklarynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalar oňyn mysal hökmünde getirilýär we bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem dowam etdiriljegi aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedow penşenbe güni ukrain lideriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda düýbi tutulýan transport-kommunikasiýa obýektiniň munuň aýdyň mysalydygyny belläpdir.

Şeýle-de prezident bu ýurt bilen aradaky hyzmatdaşlyk perspektiwalarynyň täze bir ugruna, syýahatçylyga ünsi çekip, ukrain kompaniýalaryny Türkmenistanyň turizm infrastrakturasynyň ösüşine gatnaşmaga çagyrypdyr.

Mundan başga, iki ýurduň medeni-gumanitar, ylym we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek nazarda tutulýar we bu ugurda bir topar ylalaşyga gol çekilipdir.

Aşgabatda we Kiýewde Söwda öýleri dörediler

Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç Türkmenistan bilen Ukrainanyň Aşgabatda we Kiýewde Söwda öýleriniň döredilmegi barada gelnen ylalaşygyň ikitaralaýyn söwda-ykdysadyýet hyzmatdaşlygynyň wajyp mehanizmi boljagyny belläpdir. Şeýle-de ol Ukrainanyň energiýa pudagyndaky gyzyklanmasyny tassyklapdyr.

Berilýän maglumatlara görä, Ukriana Türkmenistandan tebigy gaz almagyny dikeltmek barada deslapky ylalaşyga gelipdir. Ukrainanyň energetika ministri Eduard Stawitskiniň 13-nji fewralda Aşgabatda žurnalistlere aýtmagyna görä, ukrain we türkmen liderleri bu baradaky ylalaşyga gol çekipdir. Şeýle-de ol bu baradaky şertnama doly tamamlanýança beýleki taraplar bilen hem gepleşiljegini aýdypdyr.

Bu ylalaşygyň baglaşylmagy üçin tranzit ýurtlar bolan Gazagystanyň we Orsýetiň razylygy gerek. Ukraina öz energiýa zerurlyklaryny ödemek üçin rus gazyna alternatiwa gözleýär.

Türkmenistan Ukraina 2006-njy ýyla çenli ýylda 36 milliard kub metr gaz berýärdi.
Türkmen metbugaty Aşgabat bilen Kiýewiň oba hojalyk önümlerini işläp bejerýän bilelikdäki kärhanalary döretmek bilen hem gyzyklanýandyklaryny ýazýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Ukraina 2012-nji ýylyň martynda sapar edipdi. Soň bu iki lider geçen dekabrda, GDA ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen maslahatynda duşuşypdylar.
XS
SM
MD
LG