Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Haryt bar – nagt pul az


Aşgabat şäheriniň köçelerinde ownuk söwda edip oturan hususy söwdegärler. Aşgabat, ýanwar, 2012.
Aşgabat şäheriniň köçelerinde ownuk söwda edip oturan hususy söwdegärler. Aşgabat, ýanwar, 2012.
Mary şäheriniň ýaşaýjysy 35 ýaşlaryndaky Agasapar girdejisi boýunça ilatyň orta gatlagyna degişli raýatlardan biri. Ol eýýäm ençeme ýyldan bäri kiçi biznes bilen meşgullanyp, Tagtabazarda hususy dükan ýöredýär.

Emma ol soňky aýlaryň dowamynda girdejisinden razy däl, onuň sebäbi söwda-satygyň azalmagy däl-de, eýse dolanyşykdaky manadyň azalmagy bilen bagly.

“Nagt pul berýänleriň sany günsaýyn azalýar, müşderileriň aglabasy harydyny ýazdyryp alýarlar, adamlarda pul ýok” diýip, Agasapar gapdalyndaky daşy könelip giden ýazgy depderini görkezip, bu ýagdaýyň söwda-satygy barha kynlaşdyrýandygyny aýdýar.

Häzirki wagtda Agasapar ýaly her bir söwdagäriň azyndan bir-iki sany 60 sahypalyk depderi bar. Il arasynda “ýazgy” diýilyän bu depdere söwdegärler karzyna berýän günlük harytlarynyň mukdaryny, bahasyny we beren müşderisiniň adyny ýazýarlar.

Döreýän kynçylyklar

Agasaparyň dükany adaty oba dükanlaryndan biri bolansoň, onuň hödürleýän harytlarynyň sany hem çäkli, onuň üstesine söwda-satygyň nagt pul esasynda geçirilmezligi, karzyna alnan harytlaryň wagtynda tölenmezligi onuň bu çäkli girdejisine hem howp abandyrýar.

Nagt pul berýänleriň sany günsaýyn azalýar, müşderileriň aglabasy harydyny ýazdyryp alýarlar
Maryly söwdegär Agasapar

Iki çagaly masgalabaşy Agasapar: “Näme edeýin, çykalgam ýok” diýýär. Bu ýagdaýyň dowam eden halatynda, ol bu çäkli girdejisi bilen oňup bilmejegini hem sözüniň üstüne goşýar.

Sebäbi nagt pullaryň bolmazlygy her üç aýdan tölemeli salgytlaryň töleglerini hem kynlaşdyrýar. Salgytlary wagtynda tölemeseň bolsa, onuň jerimesi ýokary, ýa bolmasa, para tölemäge mejbur edýärler diýip Agasapar belleýär.

Nagt pul dolanyşygynyň azalmagy bilen bagly bu ýagdaýyň haçan we nähili düzeljegi, oňa çenli Agasapar ýaly dükan eýeleriniň işini dowam etdirip - etdirmejegi bolsa belli däl. Bu ýagdaýyň nähili dörändigi barada dürli pikirler bar.

Munuň sebäbi nämede?

Türkmenistanyň ilatynyň 60% töwereginiň işsizdigi aýdylýar. Dürli çesmelere görä, işli gatlagyň 48% töwereginiň eklenji oba hojalyga bagly. Oba hojalyk bilen meşgullanýanlaryň eline diňe hasyl toýy bellenende nagt pul düşýär.

Agasapar ýaly dükandarlaryň aýtmaklaryna görä, “eger daýhanlar hasylyny plandaky ýaly dolup bilseler, onda olar ýylda bir gezek alan karzlaryny töleýärler, plan başa barmadyk halatynda bolsa, olam bolanok – bu töleg indiki ýyla galyar”.

Diňe daýhanlar däl, ýazgy etdirip, haryt almaklyk pensiýasyna garaşýan ýaşulular, iş tapman işsiz gezip ýören raýatlar, hatda hökümet edaralarynda işleýän adamlaryň arasynda-da bu tendensiýa günsaýyn ýaýrap barýar. Onuň sebäbi harytlaryň günsaýyn gymmatlap, aýlyklaryň bolsa deň derejede galdyrylmazlygy diýlip hasaplanylýar.

Tagtabazar şäherçesindäki edaralaryň birinde hasapçy bolup işleýän 30 ýaşlaryndaky Kemal hem ýazgy bilen söwda edýänleriň biri.

“Ýazgy bilen söwda etsem, alan harydymyň maňa birneme gymmat düşýändigini bilýärin. Ýöne menem şeýle söwda etmäge mejbur, sebäbi zerur pul gerek bolanda, karzyna pul tapmak kyn” diýip, Kemal aýdýar.

Agasaparyň yagdaýyna gaýdyp gelsek, onuň ýazgy depderi dolupdyr, emma hasyl toýlarynyň geçendigine garamazdan, karzyny töläp bilmedik müşderileriniň sany bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende bu ýyl has köp.

Agasaparyň näme etmeli diýen soraga jogaby ýok. Şol bir wagtyň özünde-de, ol karzyny töläp bilmedik daýhanlaryň hem çykalgasynyň ýokdugyny bilýär. Diňe Agasapar däl, daýhanlaram “bu ýyl gowy bolar” diýen umytda.
XS
SM
MD
LG