Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda zorluk azalýar


BMG Owganystanda parahat ilatdan öldürilýän adamlaryň alty ýylda birinji gezek azalandygyny aýdýar.

Emma hasabatda hökümet işgärlerine, tire ýaşulularyna, şeýle-de ýerli ýolbaşçylara garşy edilýän pitneçilikli hüjümleriň 2012-nji ýylda has köpelendigi habar berilýär.

BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň ýyllyk hasabatynda 2012-nji ýylda asuda ilatdan öldürilýän adamlaryň sanynyň 12 prosent kemelendigi habar berilýär.

Onda geçen ýyl Owganystanda asuda ilatdan azyndan 2,754 adamyň öldürilendigi, 2011-nji ýylda bolsa 3,131adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG