Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

General Gwero ýogaldy


1992-1995-nji ýylllaryň bosniýa urşunda adamzada garşy eden jenaýatlary üçin ýazgarylan bosniýaly serb generaly Milan Gwero aradan çykdy.

Ol 70-den agandy. Aklawçy Dragan Krgowiç "Tanjug" habar gullugyna onuň ýekşenbe güni, Belgraddaky hassahanada, aýagy kesilenden soň ýogalandygyny aýtdy.

Gwero Bosniýanyň uruş wagtyndaky harby baştutany Ratko Mladiçiň ýakyn kömekçisi hasaplanýardy.

Gwero 2005-nji ýylda öňki Ýugoslawiýa üçin Halkara jenaýat tribunalyna ýesir düşüpdi.

Ol 2010-njy ýylda uruş jenaýatlary, şol sanda 1995- nji ýyldaky Srebrenisa gyrgynçylygyndaky roly üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Srebrenisa gyrgynçylygynda serb güýçleri 8 müň çemesi musulman erkegini öldüripdi.

Ol ýyl kesileninden köp wagt geçmän azatlyga goýberildi, sebäbi eýýäm tussaglyk möhletini oturypdy.

Mladiç bolsa häzir uruş jenaýatlary üçin halkara tribunalynda sud edilýär.
XS
SM
MD
LG