Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sofiýa: protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada protestçiler parlament binasynyň öňünde polisiýa bilen çaknyşdylar.

Adamlar bu ýerde indi ikinji gije elektrik togy üçin tölegleriň ýokary, aýlyklaryň az bolmagyna, şeýle-de ykdysady durgunlyga garşy protest geçirýärdi.

Protestçiler merkez-sagçy hökümetiň işden çekilmegine çagyrdylar, polisiýany daşladylar we zir-zibil çeleklerini düňderdiler. Azyndan üç adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Beýleki şäherleriň hem birnäçesinde protest bolandygy aýdylýar. Ýekşenbe güni ýurduň 30-dan gowrak şäherinde adamlar protest ýygnanyşyklaryna goşuldy. Bu protestler iýulda geçiriljek parlament saýlawlaryndan birnäçe aý öň bolup geçýär.

Premýer-ministr Boýko Borisow duşenbe güni öz maliýe ministrini işden aýyrdy.

Bolgariýa 27 agzaly ÝB-niň iň garyp ýurdy bolup, ol ýerde ortaça aýlyk 400 ($534) ýewro, ortaça pensiýa bolsa 135 ýewro çemesidir ($180).
XS
SM
MD
LG