Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: 'Hizb ut-Tahririň' wekilleri tutuldy


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad şäherinde, gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” toparynyň agzasy bolmakda şübhelenip bäş adam tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň berýän maglumatyna görä, olar sişenbe güni tussag edilipdirler.

Komitetiň çarşenbe güni ýaýradan beýanatynda, tussag edilenleriň bolýan ýerinden ekstremistiki mazmunly edebiýatyň hem ele salnandygy aýdylýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän sünni musulmanlaryň “Hizb ut-Tahrir” topary ähli yslam döwletleriň birleşip, yslam halifatynyň gurulmagyny maksat edinýär.

Gyrgyzystanyň hökümeti we GDA döwletleriniň käbirleri “Hizb ut-Tahriri” gadagan edip, ony goldaýanlary hem “ekstremist” diýip häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG