Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sosial ulgamlar terrorçylara neneň çemeleşýär?


Sosial ulgamlara Smartfon arkaly çykmagyň usuly görkezilýär
Sosial ulgamlara Smartfon arkaly çykmagyň usuly görkezilýär
Ýanwar aýynyň aýagynda Twitter Somalide ýerleşýän we “Al-Kaýda” bilen bagly “Al-Şabaab” atly terrorçy toparyň saýtyny ýapdy. Saýt bu topar keniýaly iki zamuny öldürjekdigini aýdyp, haýbat atyjy wideony Twitterde ýerleşdirensoň ýapyldy.

Twitter bu saýtyň ýapylmagy bilen bagly ýagdaýy kommentirlemedi, emma sosial media boýunça bilermenler “Al-Şabaab” toparynyň Twitteriň düzgünlerini bozandygyny aýdýarlar. Twitter özünde zorluk bilen bagly maglumatlaryň ýerleşdirilmegini gadagan edýär.

Terrorçy toparlar has giň auditoriýalara eýe bolmak üçin dürli mümkinçilikleri gözleyärler.

Oňüni alyş çäreler

Olaryň Twitter we Facebook ýaly sosial medialardaky aktiwligi uly problema döredyär. Hökümetler sosial mediany çäklendirmäge çalyşýan bolsalar, graždan aktiwistleri şeýle habar serişdeleriniň düzgünleriniň has açyk we anyk bolmalydygyny aýdýarlar.

Gündogar syýasaty boýunça Waşington institutynyň alymy Aaron Zelin ekstremistik toparlaryň sosial mediany ulanyşy barada hasabat çap etdi. Onuň sözlerine görä, şeýle toparlaryň sahypalary ýapylanda-da, olar derhal täzesini açýarlar. Onsoň alym ol sahypalaryň yzly-yzyna açylyp-ýapylyp durmagyny oýna meňzedýar.

Şeýle ýagdaý ýakynda, hususan-da Pakistandaky “Taliban” hereketiniň media topary bilen baglylykda ýüze çykdy. Geçen ýylyň dekabr aýynda Facebook “Umar Media” sahypasyny ýapypdy. Emma “Umar Media” sahypasy birnäçe hepdeden ýene-de Facebookda peýda boldy.

Düzgünleri anyklaşdyrmak

Hususy kompaniýalar bolan Facebook we Twitter öz platformalaryndan peýdalanmak isleýänlere rugsat berip bilyärler. Olaryň ulanyjylarynyň sanynyň ägirt uludygy sebäpli, terrorçylar sosial mediany köpçüligiň jemlenýän ýeri hökmünde öz bähbitleri üçin ulanyp bilýärler.

Twitter söz azatlygyny üpjün edyän sosial ulgamlaryň arasynda lider hasaplanýar. Emma graždan aktiwistleri Twitteriň ekstremistik terrorçy toparlar babatyndaky düzgünleriniň anyk we kesgitli däldigini aýdyp, aladalanma bildiryärler diýip, Aaron Zelin aýdýar.

Azat Yewropa/Azatlyk Radiosynyň Faceboogyň we Twitteriň wekilleri bilen interwýu geçirmek barada eden yüzlenmelerine jogap bolmady.
XS
SM
MD
LG