Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýasama ýewro tutuldy


Portugaliýanyň polisiýasy dünýäde ýasama, galp ýewronyň iň uly möçberini ele salandygyny aýdýar.

Çarşenbe güni ýaýradylan beýanatda olar 380,200 ýewrony ($505,000), ýasama puly ele salandyklaryny aýtdylar.

Hemmesi 200 ýewrolyk bolan kagyz pullar sişenbe güni demirgazyk şäher Portoda geçirilen polisiýa operasiýasynda ele salnypdyr.

Resmiler bu operasiýada 46 ýaşly bir daşary ýurtly erkegiň hem tussag edilendigini aýtdylar, ýöne onuň adyny we milletini aýtmadylar.

Resmileriň tassyklamagyna görä, galp pullaryň hiline “söz diýer ýaly däl”.
XS
SM
MD
LG