Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peýdalanylmaýan interaktiw tagtalar


Mekdep okuwçylaryna berilýän göterme kompýuterler
Mekdep okuwçylaryna berilýän göterme kompýuterler
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň mekdepleriniň birinde okaýan 10-njy synpyň okuwçysy Selim geografiýa sapagyny gowy görýär. Selim Tagtabazar etrabynyň mekdebinde eýýäm iki ýyl bäri okap ýör. Öň ol Mary şäheriniň mekdepleriniň birinde okaýardy.

Selimiň aýtmagyna görä, Mary şäherinde okan wagty mugallymlar geografiýa sapagynda interaktiw tagtany ulanýan ekenler. Şol wagt ol interaktiw tagtada dagyň ortasyndan gaýnap çykýan suwlary, ýagny geýzerleri görende, mundan örän gowy täsir galypdyr we onsoň ol geografiýa sapagyny has hem gowy okap başlapdyr.

Tagtalar bar, emma...

Interaktiw tagtalar Selimiň häzirki okap ýören mekdebinde-de bar, emma sapaklar welin, şol tagtada geçilmeýär. Sebäbi mugallymlar şol tagtadan peýdalanmagy bilmeýärler diýip, Selim gürrüň berýär: “Häzirki mekdebimizde mugallymlar interaktiw tagtany ulanmagy bilenoklar. Olaryň käbirleri şol tagtalary ýakyp-öçürmegi hem bilenoklar. Gyzykly slaýdlary taýýarlamak barada gürrüň hem edemok”.

Aýdylmagyna görä, 2011-2012-nji okuw ýyllarynda Tagtabazar etrap bilim bölümi tarapyndan etrabyň dokuz mekdebine "Promethey" kompaniýasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen interaktiw tagtalar paýlanyldy we gurnalyp berildi. Gurnalandan soň ol tagtalaryň hersi belli bir mugallyma berkidildi.

Ýöne müňlerçe dollar çykdajy edilip satyn alnan bu tagtalardan, mugallymlaryň degişli tejribeleri bolmansoň, Tagtabazar ýaly käbir etraplarda o diýen peýdalanylmaýar. Bu ýagdaýy Tagtabazar etrabynyň bilim müdirliginiň özüni Aşyr diýip tanyşdyran işgäri hem gürrüň berýär.

Aşyryň aýtmagyna görä, interaktiw tagtalary ulanmak tejribesini edinmek boýunça häzirki wagtda mugallymlary Aşgabatda ýerleşýän “Bilim” institutyna ýörite üç aýlyk kursa ugradýarlar. Şol kurslary tamamlan mugallymlara belli bir kwalifikasiýa berilýär. Emma Tagtabazar etraby boýunça şol kursa diňe bir mugallym gatnaşypdyr.

Mugallymlaryň kynçylyklary

Munuň sebäbi, ýene-de bu işe göýberilýän serişde bilen bagly. Aşyryň aýtmagyna görä, mugallymlaryň okamaga gitmeýänliginiň sebäbi ol ýerde ýaşamaga ýeriniň ýoklugydyr. Mugallymlaryň aglabasynyň zenanlardan ybarat bolmagy hem bu prosesi bökdeýän meselelerden biri, sebäbi olar öýde öz çagalaryny birnäçe wagtlap enesiz taşlap gitmek islemeýärler.

Türkmenistana ýaňy-ýakynda ornaşyp başlan bu tilsimiň okuwçylara hem mugallymlara hödürleýän mümkinçilikleri barada oňyn pikirdäki adamlaram az däl. Mary şäheriniň mekdepleriniň birinde işleýän ençeme ýylyň mugallymy Gurban hem şeýle pikirde.

Emma ol bu çäräniň guramaçylygyndan nägile. Gurban bu ugurda öz pikirini şeýle beýan edýär: “Interaktiw tagtalary mugallymlara grafika çyzgylary, ses ulanmak ýaly ýeňillikleri berýär. Eger mugallym okuwçylaryna gerekli formulalary, ýa bolmasa grammatika ýaly [ylymlaryň] fundamentini öwredip bilmeýän bolsa, onda onuň üçin interaktiw tagtalar hiç hili peýda berip bilmez, şonuň üçin beýle işe girişilmezden ozal, mugallymlara degişli hünär öwredilmeli”.

Guramaçylygy öňünden doly göz öňünde tutulman amala aşyrylan proýektlerden ýene birem geçen ýyldan başlap birinji klas okuwçylaryna göterme kompýuterleriň berilmegidir.

"Oýnawaç"

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir mugallymlaryň aýtmaklaryna görä, birinji klasa gatnaýan çaganyň ýaşynyň ýedi töweregidigi göz öňünde tutulsa, olar üçin göterme kompýuterler oyunjakdan tapawutlanmaýar.

Şol bir wagtyň özünde-de mekdepleriň uly böleginde çagalara kompýuter sapaklaryny geçjek kadrlaryň bolmazlygy, şeýlede mugallymlaryň degişli türgenleşikden geçirilmezligi, gowy niýet bilen başlanan şonuň ýaly proýektiň hem şowsuz bolmagyna getirýär.

Emma, muňa garamazdan, ýaşlaryň digital tehnologiýa bolan höwesi uly. Gurban mugallymyň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýda bu serişdelerden doly peýdalanmak üçin diňe kadrlaryň haýdan-haý degişli türgenleşiklerden geçirilmegi zerur.

Bu haýyşyň haçan amala aşyryljagy, asla amala aşyrylyp-aşyrylmajagy barada häzirlikçe bir zat aýtmak kyn, emma Selim Tagtabazardaky mekdebinde iru-giç bu tagtadan peýdalanyljagyny umyt edýär. Emma onuň klasyndaky interaktiw tagtany häzirlikçe tozan basyp dur.
XS
SM
MD
LG