Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispan korolynyň körekeni suda çagyryldy


Şenbe güni ispan koroly Huan Karlosyň körekeni Inaki Urdangarin millionlarça ýewro pul ýuwuşlyklary bilen baglanyşykly iş boýunça suduň soraglaryna jogap berip, çykyş etdi.

45 ýaşly Inaki Urdangarin Ispaniýanyň korolynyň ikinji gyzy Kristinanyň adamsy. Ol hökümete degişli bolmadyk bir kompaniýanyň üsti bilen öz firmalaryna millionlarça ýewro döwlet puluny geçirmekde aýyplanylýar.

Ýöne oňa heniz sud tarapyndan resmi jenaýat aýyplamasy bildirilenok. Ispan korolynyň körekeni özüne bildirilýän bu aýyplamalary ret edýär.

Millionlarça ýewro pul ýuwuşlygy bilen baglanyşykly bu aýyplamalar Ispaniýanyň uly maliýe krizisini başdan geçirýän döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG