Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý amerikan güýçlerine garşy görkezme berdi


Prezident Hamid Karzaý Owganystanyň Harby akademiýasynda çykyş edýär. Kabul, 16-njy fewral, 2013.
Prezident Hamid Karzaý Owganystanyň Harby akademiýasynda çykyş edýär. Kabul, 16-njy fewral, 2013.
Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň Wardak welaýatyndaky amerikan güýçleriniň ýörite toparynyň bu welaýatdan iki hepdäniň dowamynda gyssagly çykmalydygy barada görkezme berdi.

Bu barada Kabulda gurnalan metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda prezident edarasynyň metbugat sekretary Aýmal Faýzi prezident Karzaýyň Owganystanyň Goranmak ministrligine Wardak welaýatynda operasiýa alyp barýan amerikan güýçleriniň ýörite toparyny bu welaýatdan çykarmaklyga görkezme berendigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Hamid Karzaý bu barada ýekşenbe güni Owganystanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda ýörite tabşyryk beripdir.

Soňky günler Kabuldan günbatarda ýerleşýän Wardak welaýatynda ýaragly söweşijilere garşy operasiýalar ýola goýuldy.

Prezident edarasynyň metbugat sekretary Aýmal Faýzi ol ýerdäki amerikan güýçleriniň ýörite toparyny we olar bilen hyzmatdaşlyk alyp barýan owganystanlylary “howp-hatar we durnuksyzlyk döretmekde, şeýle hem ýerli ilata sütem etmekde” aýyplady.

Alada döredýän wakalar

Aýmal Faýzi öz çykyşynda bu welaýatda amerikan güýçleriniň operasiýalary ýola goýaly bäri dokuz adamyň dereksiz ýitirim edilendigini aýtdy. Emma ol bu wakanyň anyk haýsy ýerde we haçan bolandygyny mälim etmedi.

Mundan daşary, ol ýerdäki owgan harby toparyna-da bir uniwersitetiň studentiniň kellesini kesip öldürmekde aýyplama bildirilýär.

Habar çeşmeleri Owganystandaky amerikan resmileriniň bu soňky eden-etdilikler baradaky aýyplamalary çynlakaý alada bilen kabul edendiklerini aýdandyklaryny habar berýär.

Soňky wagtlar Owganystandaky amerikan güýçlerine we käbir ýerli owgan harby toparlaryna, şeýle hem NATO güýçlerine parahat ilatyň ölümi bilen baglanyşykly bildirilýän aýyplamalar örän ynjyk mesele bolmagynda galýar.

Bir hepde mundan ozal prezident Hamid Karzaý ilatly ýerlerde alnyp barylýan operasiýalarda Owganystanyň öz howpsuzlyk güýçlerine NATO-nyň harby uçarlaryny operasiýalara çagyrmaklygy gadagan ediji ýörite karar hem çykardy.

Bu wakadan birneme öň bolsa Owganystanyň Kunar welaýatynda NATO-nyň amala aşyran howa hüjüminde 4 sany talyban söweşijisi bilen birlikde 10 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigi-de habar berildi.
XS
SM
MD
LG