Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dissident üçin TW ýapyldy


Tanymal şahyr bilen söhbetdeşlik gurandan soň, Täjigistanda bir meşhur telekanal efirden aýryldy.

Ýekşenbe güni agşam "Poýtaht" telekanaly Gulruhsor Safiýewa bilen söhbetdeşlik gurap, ony efire berdi.

Safiýewa täjik hökümetini tankyt edýän goşgulary bilen meşhur hasaplanýar.

Bu telekanalyň gepleşikleri duşenbe güni irden soň efire çykanok.

"Poýtaht" telekanaly Duşenbe şäher adminstrasiýasynyň gözegçiligindedi.

Täjigistanyň Döwlet teleradio korporasiýasynyň resmileri bu telekeakanalyň gepleşikleriniň tehniki meseleler sebäpli togtadylandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG