Penşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Rimde Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasynyň lideri Moaz al-Hatib bilen gepleşik geçirdi. Olaryň bu duşuşygy Rimde “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylýan döwletleriň halkara konferensiýasynyň öňýany geçirildi.
Hepdäniň çarşenbe güni Parižde eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Waşingtonyň Siriýadaky syýasy geçiş prosesini çaltlandyrmaklygyň ýollaryny agtarýandygyny belledi.
Şu gün Rimde açylan halkara konferensiýasynda Birleşen Ştatlar Siriýanyň oppozisiýasyna berýän harby däl ýardamlaryny artdyrmak planlaryny yglan eder diýlip hem garaşylýar.
Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy başda bu konferensiýa gatnaşmajakdygyny yglan eden-de bolsa, Jon Kerriniň anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etmeginiň yzy bilen, oppozisiýanyň wekilleri bu konferensiýa gatnaşmaklygy karar etdiler.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!