Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň eşik syýasaty: meňzeşlik gowumy ýa erkinlik?


Türkmenistanda adamlaryň birmeňzeş eşikleri geýýändigi ýa-da ýurt içinde geçirilýän çärelerden alnan suratlarda adamlaryň barha kän bir görnüşli ýa-da birnäçe görnüşli eşik galybyna, emeli millileşdirmä salynýandygy barada aladalar eşidilýär.

Bu esasan medeni hem syýasy çärelere gatnaşdyrylýan çagalaryň, ulugyzlaryň we ýaşulularyň birsydyrgyn geýindirilişinde göze dürtülýär diýip, synçylar aýdýarlar.
Şonuň bilen bir wagtda, mekdep okuwçylaryň, studentleriň, hökümet gullukçylarynyň hem berk eşik düzgüniň bardygy aýdylýar.

Eýsem bu zatlar tertip-düzgüniň, gowulygyň alamatymy ýa-da bu ýerde adam azatlyklaryny çäklendirýän, pikir-düşünjäni dar galyba salýan yzagalaklyk hem duýulýarmy?

Azatlyk Radiosynyň şu temadan gurnan söhbetdeşligine ýerli synçylar Aşyrguly Baýryýew, Nurberdi Nurmämmedow, Amanmyrat Bugaýew, Şwesiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Halmyrat Söýünow gatnaşýar.

Söhbetdeşligi diňläp, pikiriňizi atmagyňyza garaşýarys. Çünki, bu her bir raýatyň meselesi bolup biler.

XS
SM
MD
LG