Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýa irki saýlaw geçirmekçi


Bolgariýanyň hökümetiniň tutuşlygyna wezipeden çekilmeginiň yzy bilen, prezident Rosen Plewneliýew ýurtda möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Bu barada penşenbe güni parlamentiň öňünde eden çykyşynda ol saýlawlaryň 12-nji maýda geçiriljekdigini mälim etdi.

Ýakynda Bolgariýanyň dürli şäherlerinde ykdysady kynçylyklara protest bildirilip geçirilen demonstrasiýalaryň yzy bilen, Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow we onuň hökümeti wezipeden çekildi.

Ýurduň uly partiýalary parlamentiň häzirki düzüminde özleriniň täze hökümet düzmek islemeýändiklerini aýdýarlar. Bolgariýa Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde iň garyp ýurtlardan biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG