Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Redaktoryň doganyna höküm çykaryldy


Anna güni Gazagystanyň sudy ýakynda gadagan edilen “Golos respubliki” gazetiniň redaktorynyň dogany Askar Moldaşewi dört ýyl şertli tussaglyga höküm etdi. Sud ony kanun taýdan gadagan edilen psihologik dermana eýelik etmekde günäli tapdy.

Suduň höküminiň yglan edilmeginiň yzy bilen Askar Moldaşew bu hökümi özüniň howpsuzlyk organlary bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwrendigi üçin görlen “ar alyşlyk çäresi” diýip häsiýetlendirdi.

Ol howpsuzlyk gulluklarynyň özünden öz agasy Daniýar Moldaşewiň işleri barada hasabat berip durmaklygy hem-de ony gazet işleri bilen meşgullanmakdan saklamagy talap edendiklerini aýtdy.

Gazagystanda geçen ýylyň dekabrynda onlarça sany beýleki garaşsyz gazetler bilen birlikde “Golos respubliki” gazeti hem ekstremistik mazmunly maglumatlary çap etmekde aýyplanylyp, ýapylypdy.
XS
SM
MD
LG