Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RFE/RL 60 ýyllygyny belleýär


Anna güni Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy bu radioda rus dilindäki gepleşikleriň efire çykmagynyň 60 ýyllygyny ýörite belläp geçýär.

Sowet Soýuzy bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky Sowuk urşuň iň bir haý-haýly döwründe, 1953-nji ýylyň 1-nji martynda Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy şol wagtky Sowet Soýuzy üçin niýetlenilen rus dilindäki gepleşiklerini efire berip başlapdy.

Bu gepleşikleriň maksady Sowet Soýuzynyň raýatlaryna, kommunistik propagandadan tapawutlylykda, senzura edilmedik azat maglumatlary ýetirmekden ybarat bolupdy.

Bu wakanyň 60 ýyllyk ýyl dönümine gabatlap, Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy özüniň Waşingtondaky ofisinde orsýetli hukuk goraýjy weteranlaryň, şol sanda belli hukuk goraýjy aktiwist Lýudmila Alekseýewanyň-da gatnaşmagynda ýörite Tegelek stol diskussiýasyny geçirmekligi planlaşdyrýar.

Mundan daşary, radionyň Rus gullugyndan ýakynda işden boşadylan žurnalistleriň-de bir topary bilen Moskwada ýörite çäre gurnamaklyk-da göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG