Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde maslahat edildi


Şenbe güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçmek meselesi bilen baglanyşykly ýörite maslahat geçirildi.

Maslahatda Bilim ministrliginiň resmileri we spesialistleri 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçmek barada prezident G.Berdimuhamedowyň gol çeken täze permanynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek we bu ugurdaky gaýragoýulmasyz çözülmeli meseleler barada maslahat etdiler.

Maslahatda bellenmegine görä, 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap çagalaryň orta bilimi alty ýaşdan başlanar. Orta mekdepleriň başlangyç bilimi 1-4-nji klas aralyklaryny öz içine alar. 5-10-njy klas aralygynda çagalar umumy orta bilim alarlar. 11-12-nji klas okuwçylary bolsa, ýokary orta bilim alarlar.

Täze sistema boýunça, orta mekdepleriň 11-12-nji klas okuwçylaryna özlerini gyzyklandyrýan hünär ugurlaryna laýyklykda okuw programmalaryny saýlamaklyga-da mümkinçiligiň beriljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG