Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Naşa Ukraina” partiýasy dargadyldy


Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň “Naşa Ukraina” partiýasy öz işini bes edýändigini yglan etdi.

“Naşa Ukraina” partiýasynyň dargadylýandygy baradaky karar şenbe güni bu partiýanyň Kiýewde gurnan soňky gurultaýynda yglan edildi.

Partiýanyň resmileriniň gelen kararyna görä, indi onuň dokumentleri, möhürleri we baýdaklary mämişi rewolýusiýanyň Kiýewdäki muzeýine tabşyrylar.

Bu partiýa ýolbaşçylyk edip gelen Wiktor Ýuşenko özünin bu gurultaýa çagyrylandygyna garamazdan, oňa gatnaşmady.

Geçen ýylyň oktýabrynda Ukrainada geçirilen parlament saýlawlarynda “Naşa Ukraina” partiýasy sesleriň bir prosentden sähel gowragyna eýe boldy we netijede parlamentden hiç hili orun alyp bilmedi.
XS
SM
MD
LG