Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dagystanda bir dindar öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda näbelli hüjümçiler ýerli yslam mekdebiniň bir mugallymyny atyp öldürdiler.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň duşenbe güni beren maglumatyna görä, Magomed Biýarslanowyň jesedi ýekşenbe güni, onuň Gubden obasyndaky öýünden tapylypdyr.

Bu waka boýunça derňew başlandy. Soňky ýyllaryň dowamynda Dagystan Demirgazyk Kawkazyň iň gazaply respublikalarynyň birine öwrüldi. Aşa dinçiler aram musulmanlara, polisiýa işgärlerine we resmilere ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG