Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: üç şäherde protest edilýär


Gyrgyzystanyň üç şäherinde ýüzlerçe protestçi ýygnanyp, parlamentiň oppozision agzalarynyň derrew azat edilmegini talap etdi.

Sişenbe güni Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde iň uly protest gurnaldy. Şeýle ýygnanyşyk günorta şäher Jalalabatda hem boldy.

Bu ýerde şäher merkezine ýygnanan ýüzlerçe adam üç oppozisiýa lideri boşadylýança dargamajagyny aýtdy.

Ýurduň demirgazygyndaky Karakol şäherinde oppozisiýadaky “Ata jurt” partiýasynyň 400 çemesi tarapdary toplandy.

“Ata jurtyň” liderleri we parlament agzalary Kamçibek Taşiýew, Sadyr Japarow we Talant Mamytow dagy geçen ýyl jemgyýetçilik bidüzgünçiligine sebäp bolmakda günälenipdi.

Häkimiýetler olaryň 2012-nji ýylyň oktýabrynda Bişkekde müň çemesi adamyň gatnaşan zorlukly demonstrasiýasyndaky rollaryna salgylanýar.
XS
SM
MD
LG