Staliniň syýasy terrory döwri anyk näçe adamyň öldürilendigi barada takyk maglumat ýok. Käbir çaklamalara görä, olaryň sany 1 milliona golaýlaýar. 1937-38-nji ýyllar aralygynda Staliniň gizlin polisiýasy her günde müňe golaý adamy öldürýärdi. Bu esasan olaryň arkasyna ýa-da ýeňsesine ok atylyp amala aşyrylýardy. Aşakdakylar FSB-niň we GARK-yň arhiwlerinde saklanyp galan suratlar. Olaryň nusgalary “Memorial in Moscow” halkara jemgyýeti tarapyndan hödürlendi, şeýle-de Tomasz Kizniniň “1937-38-nji ýyllarda SSSR-de Terror” işinden alyndy.
Staliniň pidalary bilen ýüzbe-ýüz

1
Nikolaý Wasilýewiç Abrabow: Rus; 1890-njy ýylda Lukerno obasynda doglan; 1937-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda tussag edildi. 1937-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ölüm jezasyna höküm edilip, şol ýylyň 21-nji oktýabrynda jezalandyrylyp öldürildi.

2
Aleksandra Iwanowa Çubar: Ermeni; 1903-nji ýylda Donetsk oblastynda doglan; Ýokary bilimli; 1938-nji ýylyň 4-nji iýulynda tussag edildi. 1938-nji ýylyň 28-nji awgustynda ölüme höküm edilip, şol gün hem jezalandyryldy.

3
Alekseý Želtikow: Rus; 1890-njy ýylda doglan. 1937-nji ýylyň 1-nji noýabrynda atylyp öldürildi.

4
Boris Nikolaýewiç Rozenfeld: Rusýaly ýewreý; 1908-nji ýylda Sankt-Peterburgda doglan; Ýokary bilimli. 1935-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda tussag edilip, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. 1937-nji ýylyň 12-nji aprelinde Moskwadaky lagere göçürildi. 1937-nji ýylyň 13-nji iýulynda höküm çykarylyp, öldürildi.