Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaşkin Gürjüstana dolandy


Çarşenbe güni Gürjüstanyň ozalky goranmak ministri Dmitriý Şaşkin we onuň maşgalasy Birleşen Ştatlardan bosgunlykdaky ýaşaýyşdan Gürjüstana dolandy.

Ol geçen ýylyň oktýabrynda şol wagtky oppozisiýa lideri Bidzina Iwanişwiliniň syýasy koalisiýasynyň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmagynyň yzy bilen Gürjüstany terk edip, Birleşen Ştatlara gidipdi.

Dmitriý Şaşkin şonda munuň sebäbini öz garaýşynyň saýlawlarda ýeňiş gazanan güýçleriňki bilen gabat gelmeýändigi bilen düşündiripdi.

Gürjüstanyň prokuraturasy oňa goranmak ministri bolup işlände maliýe galplyklaryna ýol berenlikde aýyplama bildirýär. Dmitriý Şaşkin Tbilisiniň aeroportunda žurnalistlere beren interwýusynda özüniň prokuraturanyň soraglaryna jogap bermäge taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG