Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary Stalin barada


Iosif Stalin
Iosif Stalin
Sowet Soýuzynyň liderleriniň biri, öz döwründe “halklaryň atasy” diýlip atlandyrylan Iosif Stalin 60 ýyl mundan ozal ýogalanda, müňlerçe adam aglap, onuň ýogalanyna öz gynanjyny bildiripdi.

Şol döwürlerde Staliniň şahsyýet kultuna berilýän ähmiýet hem uludy. Eýsem, türkmenistanly ýaşlar Stalin barada bu gün nämeleri bilýärler? Olaryň Stalin baradaky düşünjeleri we garaýyşlary nämelerden ybarat?

Bu soragy özüni Jeren diýip tanyşdyran 20 ýaşlaryndaky studente berenimizde, ol şeýle jogap berdi: “Dogrymy aýtsam, Stalin barada bilýän üýtgeşik zadym ýok. Ýöne hemme kişiniň bilşi ýaly, ol Russiýada bir wagtlar prezidentlik edip ýören adam bolupdyr, onsoňam şol SSSR-däki zatlar ýadyma düşýär. Şahsyýeti barada aýdylanda, oňa kän bir gowy seredilenok, sebäbi SSSR döwründe hemme ýerleri zor bilen basyp alany sebäpli, kän gowy hem diýip biljek däl. Ýöne bu meniň öz garaýşym”.

Ol ”Stalin barada näme üçin beýle pikir edýärsiňiz?” diýen soraga şeýle jogap berdi: “Mekdepde taryhy wakalardan we söweşlerden öwrenenlerime [esaslanyp], şeýle pikire gelýärin”.

Häzirki wagtda Türkiýede bilim alýan Amanullah Farhat ”Stalin diýlende, ilkinji göz öňüňize gelýän zat näme?” diýen soraga şeýle jogap berdi: “Stalin diýlende, taryhdan okanyma görä, ol bir diktator, millionlarça ynsany öldüren bir adam ýaly göz öňüme gelýär. Men onuň döwründe ýaşamanlygym üçin ol barada diňe taryh [sapagyndan] okanymy bilýän. Mysal üçin, taryhda onuň 20 milliona golaý adamyň öldürilmegine sebäp bolandygy aýdylýar”.

Türkmen ýaşlarynyň ýene bir wekili, häzirki wagtda Gyrgyzystanda bilim alýan türkmenistanly talyp özüni Azat diýip tanatdy. Ol öz gezeginde Staliniň ýeri gelende adalatly adam bolandygyny belläp, şeýle gürrüň berdi: “Stalin demir [ýaly], özdiýenli, zalym, ýöne ýeri gelende adalatly, maksada okgunly adam bolupdyr diýip pikir edýärin. Ony köp ýerlerde adalatly diýip görkezýärdiler, emma soňky döwürlerde adalatsyz diýip görkezýärler. Umuman, men ony şeýleräk sypatlandyrýan”.

Azat Stalin barada onuň maşgalasynda hiç hili gürrüň edilmeýändigini, şeýle hem ol öz bilýän zatlaryny internetden öwrenendigini aýtdy. Faktlara görä, Staliniň jebrinden ejir çeken etniki toparlaryň birem owganystanly türkmenler.

Olaryň belli bir böleginiň Staliniň zulum-sütemi sebäpli häzirki döwürdäki Türkmenistanyň çäklerinden, ýagny öz ata-baba oturymly ýerlerini taşlap, Owganystana göçüp gitmäge mejbur bolupdyrlar.

Emma Owganystanly türkmen ýigidi Ýakup bu taryhy wakalar, şeýle-de Stalin hakda o diýen maglumatynyň ýokdugyny aýdyp, şeýle gürrüň berdi: “Stalin Orsýeti döreden, şeýle-de Sowet Soýuzynyň garaşsyzlygyny alyp beren adam diýip pikir edýärin. Bu meniň şahsy pikirim. Başga hiç hili maglumatym ýok”.

Sosiloglaryň düşündirişine görä, nesiller çalşyp, Stalin baradaky pikirler özgerýär, bu ýagdaýa, esasanam, Orsýetde göz ýetirmek mümkin. Düýbi Orsýetde ýerleşýän Lewada merkeziniň 2012-nji ýylda geçiren barlaglarynyň netijesinden çen tutulsa, pikir soralyşyga gatnaşan orsýetlileriň 48%-i Staliniň alyp baran sýyasatyna pozitiw we 22%-i onuň sýyasatyna negatiw baha beripdir.

Soňky ýyllarda Orsýetde Staline bolan garaýyş gaýtadan gowulanýar. Munuň sebäbi hem ors habar serişdelerinde, kinolarda, edebiýatda Staliniň gowy şahsyýet edip görkezilmeginden diýlip hasap edilýär.
XS
SM
MD
LG