Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Filine hüjümi gurnan sudda çykyş etdi


Penşenbe güni Moskwanyň sudy “Uly Teatryň” çeper ýolbaşçysy Sergeý Filiniň ýüzüne aşgar serpmek hüjümini gurnanlykda aýyplanylýan artist Pawel Dmitriçenkony tussag astyna almak barada karar çykardy.

Penşenbe günki sud diňlenişiginde Pawel Dmitriçenko Sergeý Filine garşy hakykatdanam hüjüm etmek isländigini, emma onuň ýüzüne aşgar serpmek niýetiniň bolmandygyny aýtdy.

Mundan daşary, ol bu hüjümi amala aşyran Ýuriý Zarutskiý bilen bilelikde Sergeý Filine garşy hüjüm etmekligi planlaşdyrandygyny boýun aldy, emma ol Filiniň bedenine şikes ýetirmek niýetiniň bolmandygyny öňe sürdi.

Moskwanyň polisiýasynyň maglumatyna görä, Pawel Dmitriçenko öz halaşýan aktrisasyna “Uly Teatryň” çeper ýolbaşçysy Sergeý Filiniň baş roly bermezligine gaharlanandygyny we Filine garşy hüjümiň planlaşdyrylmagyna-da hut şu ýagdaýyň sebäp bolandygyny aýdypdyr.

Ýanwar aýynda ýüzüne aşgar sepilip, hüjüm edilen Sergeý Filin häzir Germaniýada bejergi almagyny dowam etdirýär.
XS
SM
MD
LG