Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus Imperiýasy suratlarda

100 ýyl mundan ozalky alnan suratlaryň reňkli bolmagyna garaşyp bolmaz, sebäbi 1940-njy ýyllara çenli reňkli kameralar entek doly elýeterli däldi.

Emma rusýaly himik we suratçy Sergeý Mihaýlowiç Prokhudin-Gorskiniň (1863-1944) alan suratlarynyň reňkli bolmagy köpleri haýrana galdyrýar. Prokhudin-Gorski 1909-12-nji ýyllar aralgynda we 1915-nji ýylda, özüniň ýörite kamerasy bilen, Rus imperiýasynyň dürli künjeklerine syýahat edip, ol ýerdäki adamlaryň durmuşyny surata alypdy.

Onuň bu kampaniýasy Tsar Nikolaý II-niň hem goldawyny gazanypdy. Prokhudin-Gorskiniň suratlarynyň sergisini Kongresiň kitaphanasynyň websaýtynda görüp bolýar.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG