Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sport: çykdajylar we netijeler


Türkmen hokkeýçileri
Türkmen hokkeýçileri
Türkmenistanda soňky ýyllar sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport bilen meşgullanmak döwlet derejesinde wagyz edilýär.

Bu meselede ýurduň prezidenti G.Berdimuhamedowyň köplere görelde bolýandygy, at çapmakda, tirden ok atmakda, şeýle-de Türkmenistanda täze döreýän awtomobil ýaryşynda onuň gowy netijeleri gazanýandygy aýdylýar.

Mundanam başga, türkmen hökümeti ýurtda gurulýan uly-uly sport desgalaryna hem serişde gysganmaýar. Paýtagtda we ýurduň beýleki künjeklerinde gurulýan stadionlar, aýlawlar, tälim merkezleri we meýdançalary munuň aýdyň mysaly bolup görünýär.

Şeýle-de ýurtda buzda taýmak, buzda hokkeý oýnamak ýaly sportyň ozal o diýen adat bolmadyk görnüşleriniň hem durmuşa ornaşdyrylýandygy, atçylyk sporty boýunça täzelikleriň gözlenýändigi, dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryna gatnaşmakda tejribeleriň öwrenilýändigi habar berilýär.

Oba we şäher ýerlerinde täze gurulýan mekdepleriň sport meýdançalary, üsti ýapyk sport zallary bilen üpjün edilmegine, ýörite sport mekdepleriniň köpelmegine hem aýratyn üns berilýändigi aýdylýar.

Ýöne Türkmenistanda sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň serişde, harç tapman kösenýän halatlarynyň hem az däldigini, şol bir wagtda döwlet tarapyndan sporta harçlanýan serişdeleriň nädogry ulanylýandygyny, bu işiň haýal etmän dogry ugra gönükdirilmelidigini hem-de ýurduň sport abraýyny dikeltmelidigini aýdýanlar hem bar.

Eýsem Türkmenistanda sport nähili ösdürilmeli? Bu meselede nähili gözden salynýan meseleler bar? Näme üçin türkmen ilinden çykan tanymal sportsmenler käte ýurt daşynda işleýär? Umuman, ýurduň sport abraýyny nädip dikeltmeli?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meslä bagyşlamagy makul bildi. Eger bu ugurda pikirleriňiz, bellikleriňiz, islegleriňiz bolsa, bize iberiň. Şeýle-de siz bu söhbete gatnaşyp, çekişmä hem goşulyp bilersiňiz.

Pikirleriňize garaşýarys!
XS
SM
MD
LG