Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Howpsuzlyk güýçleri uly bombany zyýansyzlandyrypdyrlar


"Talyban" hereketiniň agzalarynyň elinden alnan ýarag, Milli howpsuzlyk müdirýetiniň Kabuldaky edarasynyň öňünde, 15-nji mart, 2013.
"Talyban" hereketiniň agzalarynyň elinden alnan ýarag, Milli howpsuzlyk müdirýetiniň Kabuldaky edarasynyň öňünde, 15-nji mart, 2013.
Owganystanyň ýörite gulluklarynyň maglumatyna görä, Kabulyň Howpsuzlyk güýçleri sekiz tonna töweregi partlaýjy serişdeler bilen üpjün edilip, ýuk ulagyna salnan uly bombany tapyp, zyýansyzlandyrypdyrlar.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk edarasynyň wekili Safikulla Tahiriniň anna güni geçiren metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, hüjümiň başa baran ýagdaýynda ol paýtdagtda uly weýrançylyklara getirip bilerdi.

Tahiriniň sözlerine görä, tapylyp, ýok edilen bomba partladylan bolsa, ol bir ýarym kilometre golaý giňişligi weýran edip bilerdi.

Resmi maglumat

Tahiri bu hüjümiň ”Al-Kaýda” bilen baglanyşygy bolan ”Hakgani” we ”Talyban” hereketiniň Pakistandaky ýolbaşçylary tarapyndan planlaşdyrylandygyny aýtdy. Emma ol dildüwşügiň bolandygyny tassyklap biljek subutnamalary berip bilmedi.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk edarasynyň wekili Safikulla Tahiri ýük ulagyna salnan bombanyň şu hepdede gijeki barlaglaryň netijesinde tapylandygyny habar berdi. Partlaýjy maddalar Kabulyň gündogar böleginde ýük ulagyna ýüklenen içi sementli haltalarda tapylypdyr.

Şeýle-de Tahiri Howpsuzlyk güýçleriniň bu wakada eliniň bolanlygy güman edilen bäş adamy öldürendiklerini we ýene birnäçesini ele salandyklaryny belläp, bombanyň Kabulyň harby obýektlerini partlatmak üçin niýetlenendigini aýtdy.

Dildüwşük baradaky bu maglumatlar, öz janyndan geçen terrorçynyň Kabulda Goranmak ministrliginiň öňünde amala aşyran partlamasyndan bir hepde geçensoň, ýüze çykdy.

Şol partlamada dokuz adam heläk bolupdy. Partlamanyň bolan wagtynda ABŞ-nyň Goranmak sekretary Çak Hagel NATO-nyň şol töwerekde ýerleşýän obýektlerine sapar edipdi.

Dartgynly gatnaşyk

Bu waka amerikan-owgan gatnaşyklarynyň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.

NATO-nyň baştutanlygyndaky halkara harby güýçler 2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystany terk etmegi planlaşdyrýarlar.

Şu hepdede ABŞ-nyň Owganystandaky baş harby ýolbaşçysy Jozef Dunford duýduryş bilen çykyş etdi. Ol ýaňy-ýakynda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň Amerika garşy eden çykyşlary sebäpli, ýaragly gozgalaňçylaryň we owgan esgerleriniň [halkara harby güýçleriň garşysyna] hüjümleriň köpelmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Geçen şenbe güni Karzaý ABŞ-ny Owganystany durnuksyz ýagdaýda saklamak we şeýdibem halkara goşunlarynyň 2014-nji ýyldan soňam owgan topragynda galmagyny gazanmak üçin ”Talyban” bilen dildüwşükde aýyplady.

Hamid Karzaýyň administrasiýasynyň 14-nji martda ýaýradan resmi beýannamasyna görä, owgan prezidentiniň bu çykyşy owgan-amerikan gatnaşyklaryny bozmak maksady bilen däl-de, gatnaşyklary “korrektirlemek” maksady bilen edilipdir.
XS
SM
MD
LG