Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ABŞ-a garşy protest geçirildi


Şenbe güni Owganystanyň durnuksyz Wardak welaýatynyň ýüzlerçe ýaşaýjysy bu welaýatda ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň operasiýa alyp barmagyna protest bildirip, paýtagt Kabulda demonstrasiýa geçirdiler.

Owganystanyň polisiýasy parlamentiň binasynyň öňünde gurnalan bu demonstrasiýa gatnaşanlaryň sanynyň 200 bilen 500-iň aralygynda bolandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, protestçiler anti-amerikan şygarlaryny gygyryşyp, ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň Wardak welaýatyndan çykmagyny hem-de olaryň tussaglykdaky dokuz sany ýerli raýaty azat etmeklerini talap edipdirler.

Birleşen Ştatlaryň resmileri ýakynda bu Wardak welaýatynda ýitirim bolan 9 adamdan diňe dördüsini amerikan güýçleriniň tussag edendiklerini aýdýarlar.

Geçen aý prezident Hamid Karzaý hem bu amerikan güýçleriniň Wardak welaýatyndan gyssagly çykmalydyklary barada görkezme beripdi.
XS
SM
MD
LG