Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Äşton: “Eýran babatda döredijilikli işlemeli”


Katerin Äşton gepleşik alyp baryjylaryň Eýran bilen “kommunikasiýany” we “ynamy” ýola goýmak üçin köp iş etmelidiklerini nygtady.
Katerin Äşton gepleşik alyp baryjylaryň Eýran bilen “kommunikasiýany” we “ynamy” ýola goýmak üçin köp iş etmelidiklerini nygtady.
Şenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton günbatarly gepleşik geçirijileri Eýranyň ýadro programmasy meselesinde “aýgytly we döredijilikli” iş alyp barmaklyga çagyrdy.

Brýusselde “German Marşall Fondy” atly guramada eden bu çykyşynda hanym Äşton gepleşik alyp baryjylaryň Eýran bilen “kommunikasiýany” we “ynamy” ýola goýmak üçin köp iş etmelidiklerini nygtady.

Hakyky diskussiýalara garaşylýar

Katerin Äşton şu ugurdaky hereketleriň eýýäm “hakyky diskussiýalara” girip başlan Eýranyň resmilerini öz ýadro programmalary babatda çynlakaý gepleşiklere girmeklige ruhlandyrjakdygyny belledi.

“Men başda bu gepleşiklere ýolbaşçylyk edip başlamda, biz hakyky meseläniň özi barada gürrüň hem etmeýärdik diýen ýalydy. Häzir biz meseläniň jikme-jikligi barada gürrüň edýäris” diýip, Katerin Äşton ýagdaýa baha berdi.

Özüniň iki sany dürli ýadro merkezinde urany baýlaşdyrmak bilen meşgullanýan Eýran öz ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara eýerýändigini öňe sürüp gelýär.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Tähranyň ýadro programmasynyň togtadylmagyny talap edip, Eýrana garşy ençeme ykdysady sanksiýalary girizdi. Olaryň hatarynda Eýrandan gelýän nebit importyny görnetin çäklendirmek ýaly sanksiýalar-da bar.

Dünýäniň alty döwleti, hususan-da, Birleşen Ştatlar, Orsýet, Hytaý, Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa bilen Eýranyň ýokary derejeli gepleşikleriniň indiki tapgyry apreliň başyna planlaşdyrylýar.

Balkanlaryň meselesi-de gozgaldy

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton şenbe günki çykyşynda Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky gepleşikler barada-da durup geçdi.

Hususan-da, ol Kosowanyň Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri geçen bäş ýylda dörän sowuk gatnaşyklarda soňky wagtlar käbir maýylganlygyň-da göze ilýändigini belledi. Ýagny, ol bäş ýyldan soň taraplaryň arasynda käbir gepleşikleriň ýola goýulmagyna oňyn bir alamat hökmünde baha berdi.

Özüniň bu çykyşyndan birneme öň, geçen hepde Katerin Aşton Brýusselde Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň geçiren gepleşiklerinde araçylyň roluny oýnapdy. Äşton Serbiýa bilen Kosowanyň gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna ynam bildirýändigini aýtdy.

Mundan birneme öň Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton Kosowa gysga sapar edip, Kosowanyň hökümet resmileri we oppozision partiýalarynyň wekilleri bilen-de duşuşyklar geçiripdi.
XS
SM
MD
LG