Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we türk prezidentleri gürleşdi


Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdi.

Bu telefon gürrüňdeşliginde iki ýurduň prezidentleri Türkmenistan bilen Türkiýäniň hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekligiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Mundan daşary, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abdylla Gül käbir möhüm regional we halkara meseleleri barada-da maslahat etdiler.

Bu telefon gürrüňdeşliginiň barşynda türkmen prezidenti Türkmenistanda belleniljek Nowruz baýramçylygyna Türkiýäniň delegasiýasynyň gatnaşmagyna-da umyt edýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG