Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsar zenanyny zorlanlar tutulypdyr


Hindistanyň polisiýasy bir şweýsar aýalyny toparlaýyn zorlandygyny boýun aldy diýilýän bäş adamy tussag etdi. Maglumata görä, gürrüňi gidýän jenaýaty amala aşyrmakda aýyplanýan 6-njy adam hem saklanypdyr.

Polisiýanyň sözlerine laýyklykda, anna güni amala aşyrylan hüjümde şweýsar aýalyndan we onuň adamsyndan ogurlanan kompýuter, el telefony we pul serişdeleri hem tapylypdyr.

Polisiýanyň sözlerinden çen tutulsa, 39 ýaşly aýal we onuň adamsy tigirli syýahat edip ýören wagty, olara hüjüm edilipdir. Häzir şweýsar aýaly keselhanadan çykarylyp, ol Nýu-Deli şäherine geçirildi.

Geçen ýylyň dekabrynda Nýu-Deli şäherinde bir awtobusyň içinde 23 ýaşly hindi gyzy ýenjilip, toparlaýyn zorlanypdy. Ýetginjek talyp soňundan ýaralary sebäpli, aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG