Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG halkara ýarag söwdasyny maslahat edýär


Howpsuzlyk güýçleri BMG-niň edarasyny siriýaly kürt protestçilerinden goraýarlar, Yragyň Irbil şäheri, 12-nji mart, 2013.
Howpsuzlyk güýçleri BMG-niň edarasyny siriýaly kürt protestçilerinden goraýarlar, Yragyň Irbil şäheri, 12-nji mart, 2013.

Birleşen Milletler Guramasynda 18-nji martda global ýarag söwdasy boýunça halkara derejesinde gepleşikler başlandy. Ýurtlaryň köpüsi uruş hereketleri barýan regionlara ýarag satylmazlygyna gözegçilik meselesinde BMG-ä has uly ygtyýarlyk bermek bilen ylalaşdylar. Emma ylalaşygyň kabul edilmegine päsgel berýän zatlaryň aradan aýrylmagyna gezek gelende, bu iri ýarag söwdagärlerine garaşly bolup galýar.

BMG köpçülik tarapyndan dolandyrylýan bolsady, onda global ýarag söwdasy bireýýäm düzgünleşdirilerdi. Emma dünýä derejesinde bu ylalaşygyň geljegi, esasan, iri ýarag söwdagärlerine garaşly.

18-nji martda başlanan gepleşikleriň 70 milliard dollarlyk halkara ýarag söwdasyny düzgünleşdirmek boýunça jemleýji duşuşyk boljakdygy yglan edildi.

Yza tesdirlen ylalaşyk

Geçen ýylyň iýul aýynda bolan konferensiýa gatnaşyjylaryň köpüsi ylalaşyga gyzyklanma bildiripdi. Emma, muňa garamazdan, ylalaşyk baglaşmak başartmandy, ol ýaragy eksport ediji uly ýurtlaryň bähbitlerine büdräp, petige direlipdi.

Şol gepleşiklerden soň ABŞ, Orsýet we Hytaý teklip edilýän halkara ylalaşygy has jikme-jik öwrenmek üçin wagt berilmegini sorapdylar. Netijede ylalaşyk şu günki güne çenli yza tesdirilipdi.

Ylalaşygyň tarapdarlary ýaragly konfliktler zerarly her minutda adamlaryň ölýändigini aýdýarlar. Olar ýarag söwdasynda heme ýurtlar umumy düzgünleri berjaý etse, dünýäniň has parahatçylykly boljagyny belleýärler.

Ylalaşyk adaty ýaraglaryň, tanklaryň we hüjüm ediji uçarlaryň konfliktli zonalara satylmagyny gadagan etmek maksadyny göz öňünde tutýar.

Proýektiň taslamasy eýýäm taýýar. Onuň tarapdarlary 150 ýurtdan jemlenen wekilleriň gatnaşmagynda dokuz günüň dowamynda boljak gepleşiklerde ylalaşyga gelinjegine ynanýarlar.

Londonyň Oksfam atly ynsanperwerlik guramasynyň ýaraglara gözegçilik boýunça ýolbaşçysy Anna Makdonald geçen gepleşiklerde belli bir karara gelmekden boýun gaçyran ýurtlara aktiw syýasy basyşyň edilendigini aýtdy. Anna Makdonald bu sapar ylalaşygyň sesleriň üçden iki bölegini toplajagyna ynam bildirdi.

ABŞ halkara ýarag söwdasyny düzgünleşdirmek boýunça ylalaşygy goldamaga geçen ýylkysyndan has islegli görünýär. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri geçen hepdede Ak Tamyň ýarag söwdasy boýunça “has berk we netijeli” ylalaşygyň tarapdarydygyny aýtdy.

Esasy päsgelçilik

Nýu-Ýorkuň “Asyryň fondy” atly analiz merkeziniň BMG-e boýunça bilermeni Jeffri Laurenti ABŞ-nyň goldawynyň möhümdigini belledi.

Waşington amerikan kanunlaryna täsir ýetirip biljek ýa-da yaragy eksport ediji ýurtlaryň düzgünleri berjaý etmekden boýun gaçyrmagyna ýol berip biljek “gowşak” kanuny godmajagyny duýdurdy.

Anna Makdonaldyň sözlerine görä, kanun öňden bar bolan şertnamalar esasynda konfliktli zonalara yarag satylmagyna rugsat berip biler. Bu mesele-de öz gezeginde Orsýete degişli bolup biler, sebäbi Moskwa Siriýa yarag satýandygy üçin tankyt edilip gelinýär.

Ýaragy eksport ediji iri ýurtlaryň halkara ýarag söwdasyny düzgünleşdirmek boýunça ylalaşygyň baglaşylmagyna islegsizligi bu söwdanyň girdejililigi bilen hem bagly.

Geçen ýylda ylalaşygy öwrenmek üçin goşmaça wagt sorap, ony yza tesdiren ýurtlaryň biri ABŞ ýarag söwdasynyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Beýlekisi – Orýet, ol bu ugurdan dünýä boýunça ikinji orunda, ýene bir ýurt – Hytaý bolsa Stokgolmyň ”Parahatçylyk boýunça ylmy-barlag institutynyň” maglumatyna görä, soňky döwürde ýarag söwdasy boýunça dünýäde bäşinji orna çykdy.
XS
SM
MD
LG