Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ankarada hüjüm amala aşyryldy


Sişenbe güni giçlik Türkiýäniň paýtagty Ankarada Adalat ministrliginiň we ýurduň dolandyryjy partiýasynyň baş edarasynyň binasyna edilen hüjümlerde bir adam ýaralandy.

Türkiýäniň mediasy bu hüjümlerden birinde näbelli hüjümçileriň granatamýot arkaly “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň ofisine garşy ok atandyklaryny we Adalat ministrliginiň maşyn goýulýan parkyna iki sany granat zynandyklaryny habar berýär.

Türkiýäniň içeri işler ministri Muammer Güler bu hüjümlerde “terrorçylary” aýyplady, emma ol anyk bir toparyň ýa-da adamlaryň adyny agzamakdan saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG