Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň sebäpleri


Aşgabatda gurlan emeli derýa. 2011 ý.
Aşgabatda gurlan emeli derýa. 2011 ý.
Türkmenistanda ilatyň aglaba köplügi oba ýerlerinde ýaşap, köplenç ekerançylyk bilen meşgullanýar. Bu ýagdaý halkyň uly böleginiň rysgalyny kärende ýerinde ýetişdiren hasylyndan geljek girdejä baglaýar.

Eger daýhan kärende ýerinden gowy hasyl almasa, onuň gün-güzeran aýlamasy görnetin kynlaşýar. Emma gowy hasyl almak üçin, ilki ekin ekjek ýeriňi, soň eken ekiniňi wagtly-wagtynda suwarmak gerek.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar soňky ýyllar suw ýetmezçiliginiň barha ýiti duýulýandygyny we bu ýagdaýyň geljekki hasylyň ykbalyna ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.

Mundan başga, ýurduň paýtagtynda hem agyz suwy kynçylygynyň aradan aýrylmaýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu ýetmezçilikleriň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG