Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň täze prezidenti Moskwa bardy


Anna güni Hytaýyň täze saýlanan prezidenti Si Ýinpiň özüniň bu wezipesinde ilkinji resmi sapar bilen Orsýetiň paýtagty Moskwa bardy.

Hytaýyň prezidentiniň üç günlük saparynyň bosagasynda prezident Wladimir Putin Orsýet bilen Hytaýyň söwda dolanyşygynyň soňky bäş ýylyň içinde iki esseden hem gowrak artandygyny belläp, muny iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň iň bir ýokary derejesi hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle hem, Wladimir Putin Hytaýyň täze prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny Moskwadan başlamagyna-da orsýet-hytaý gatnaşyklarynyň aýratyn ýakynlygynyň nyşany hökmünde baha berdi.

Hytaýyň prezidenti Si Ýinpiniň Moskwada geçirjek gepleşikleriniň esasan söwda we energiýa hyzmatdaşlyklary bilen baglanyşykly boljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG